Türkiýäniň Samsun şäheriniň sudy türkmen blogçylaryny deportasiýa etmek hakynda karar çykarypdyr. Bu barada adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) 8-nji iýulda habar berdi.
Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň aklawçysy, Türkiýäniň Samsun şäheriniň ilkinji kazyýetiniň öz müşderilerini deportasiýa etmek kararyna gelendigini habar berdi. Bu karar 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda çykarylypdyr, aklawça bu barada 27-nji iýunda habar berlipdir diýlip, maglumatda bellenýär.
Sahatow we Orusow Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde 28-nji aprelden bäri saklanýar.
Alişer Sahatow 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde halkara goragyny almak üçin ýüz tutupdy diýip, THF oňa G-82 çäklendiriji kody bilen, ýagny milli howpsuzlyga garşy hereketler bilen baglylykda ýurda hemişelik giriş gadaganlygynyň girizilendigini belledi. "Şeýle hem, şikaýatçynyň Türkiýede kanuny ýaşamaga hukugynyň ýokdugyny göz öňünde tutulyp, ony deportasiýa etmek kararynyň kanuna ters gelmeýändigi kesgitlenildi" diýlip, maglumatda suduň karary sitirlenýär.
Samsun şäheriniň sudy Abdulla Orusowyň işi boýunça çykaran kararynda onuň 2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda halkara goragy üçin ýüz tutandygyny bellenýär we oňa garşy hem milli howpsuzlyga garşy hereketler bilen bagly şol bir çäräniň ulanylandygy aýdylyp, onuň Türkiýede galmaga kanuny hukugynyň ýokdugy barada karara gelnipdir. "Orusuwyň ýagdaýynda-da türk häkimiýetleri onuň deportasiýa edilen ýagdaýynda ölüm jezasyna, gynamalara ýa-da rehimsizlige sezewar edilmejegi barada netijä gelipdir" diýip, THF ýazýar.
THF-nyň habaryna görä, türkmen aktiwistleriniň aklawçysy Samsun şäheriniň sudunyň çykaran kararyny wagtynda Türkiýäniň kanunlaryna laýyklykda Konstitusion sud arkaly garşy çykmakçy bolýar.
25-nji we 26-njy iýunda Türkiýäniň sudy Sahatowy we Orusowy deportasiýa merkezinden boşatmak baradaky arzalary ret etdi diýip, maglumatda belleýär.
Mundan öň deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen aktiwistlerine basyş edilýändigi barada habar berlipdi.
Kyrklareli şäheriniň deportasiýa merkeziniň başlygy 22-nji maýda Orusowy çagyryp, onuň Türkmenistana iberilmegine meýletin razylyk berýändigi baradaky hata gol çekmegini talap etdi, “Olar munuň Ankaranyň talaby bolandygyny aýtdylar, men gol çekmedim” diýip, adam hukuklaryny goraýjy THF guramasy Orusowyň telefonda eden gürrüňine salgylanyp ýazdy.
Geçen aýda türk parlamentiniň agzasy türkmen aktiwistlerini deportasiýa etmezlige çagyrdy.
3-nji iýunda parlament agzasy we adam hukuklaryny goraýjy Omer Faruk Gergerlioglu Türkiýede adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Abdulla Orusowyň we Alişer Sahatowyň Türkmenistana ugradylmagynyň derrew öňüni almaga çagyrdy.
Türk syýasatçysy Berdimuhamedowlaryň ýiti tankytçylary Orusowyň we Sahatowyň suratlaryny hem görkezdi. “Türkmenistanda demokratiýanyň ýokdugyny tutuş dünýä bilýär. Türkiýe bolsa türkmen oppozisionerlerini Türkmenistana dolaýar, olary deportasiýa lagerine ýerleşdirýär” diýip, Omer Faruk Gergerlioglu çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de türk syýasatçysy “Olaryň Türkmenistana gaýtarlan ýagdaýynda, janyna howp abanyp biler. Muny boldugyndan tiz bes etmeli” diýdi.
Türkmenistanyň hökümetini açyk tankyt edýän türkmen raýatlary soňky iki ýyl bäri Türkiýede yzly-yzyna basyşa sezewar bolýar.
39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edildi, şeýle-de ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi we korrupsiýa ýaly problemalar gozgaldy. Kanalynyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.
Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Aktiwistleriň egindeşleri we adam hukuklaryny goraýjylar olaryň Türkmenistana dolanan halatynda yzarlamalara, gynamalara duçar bolmagyndan we hatda türmede ýitirim edilmeginden howatyrlanýarlar.
2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden zor bilen Türkmenistana ençeme adam şol sanda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow,Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow alnyp gidildi. Olaryň birnäçesiniň ykbaly näbelli galýar.
Mundan başga-da, ýene bir türkmenistanly aktiwist Umyda Bekjanowa 29-njy maýda Stambulda saklanyp, deportasiýa merkezine ugradyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum