Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan owganystanlylar ýerli studentleriň kemsitmelerine we urgularyna sezewar edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berdiler. Olar hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna we Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet energetika institutyna degişli ýagdaý barada maglumat berdiler.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler Owganystandan gelip Türkmenistanda bilim alýan ýaşlar "kemsidilýär, türkmenistanly boýdaşlary olara haýbat atýar, urup-ýençýär we pul talap edýär" diýip gürrüň berdiler.
“Türkmenistana gelip adam bolduňyzmy siz? diýýärler. 'Ýurduňda neşe satyp güzeran aýlap ýörän ykmanda. Bar, arzyňy kime aýtsaň, şoňa aýt' diýip, kemsidýärler" diýip, çeşmeleriň biri türkmenistanly studentleriň owganystanly kursdaşlaryna aýdýan sözlerini sitirledi.
Çeşmelere görä, şeýle ýagdaýlar hem okuw wagty, hem-de tomusky iş tejribe möwsüminde ýüze çykýar we käte uruş-dawa alyp barýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk uniwersitetinde bilim alýan owganystanly studentleriň türkmen kursdaşlary tarapyndan talanmagy we urulmagy barada şeýle gürrüň berdi.
"Türmedäki ýaly, 'jenaýatçylar düzgüni' bilen ýaşaýan ýaly, owganystanly talyplara şäherli talyplar paç salýarlar. Paç tölenmedik ýagdaýynda, umumy ýaşaýyş jaýyndan alnyp gidilip, köpçülik bolup owganlary ýençýärler" diýip, türkmenabatly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler okuw jaýlarynyň işgärleri tarapyndan studentlere ýeterlik üns berilmeýändigini belleýärler.
Studentleriň arasyndaky dartgynlylygyň anyk sebäbi belli däl, emma käbir çeşmeler okuw jaýynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtlylara biraz tapawutly garaýyşynyň türkmen ýaşlarynyň gaharyny getirýän bolmagyny çak edýärler.
"Tomusky ‘praktika’ döwri häzirler diňe uniwersitetiň çäginde geçýär. Şol sebäpli daşary ýurtly studentler wagtyny boş sarp etmezlik üçin [uniwersitete] barmaýar. Uniwersitetiň administrasiýasy bolsa olara hiç zat diýip bilmeýär. Emma türkmen talyplary uniwersitete gelip, wagtyny boş geçirmäge mejbur edilýär. Şonuň üçin olar gaharyny pürkýär" diýip, çeşme aýtdy.
Owganystanyň Türkmenistandaky raýatlary döreýän problemalar bilen öz ilçihanasyndan ýardam alyp bilmeýändigini belleýärler.
“Talybanlar gelenden, soň ilçihana baryp arz etmegiň hem manysy ýok. 'Okap bilmeýän bolsaňyz, ýurda dolanyň' diýmekden başga hiç zat bilmeýärler” diýip, Lebapda bilim alýan owganystanly studentiň garyndaşy aýdýar.
Azatlyk Radiosy Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenabadyň ýokary okuw jaýyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler okuw jaýynyň wekilleriniň ýagdaýdan habarlydygyny, emma olaryň ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklara gözegçilik edip bilmeýändigini we köplenç ýagdaýyň ula ýazmagynyň öňüni almak bilen çäklenmeli bolýandygyny bellediler.
“Studenti ýenjenlerinden soň, onuň burny ganady. Ol döwüldimikä diýip, gorkup ol trawmatologiýa bardy. Ýanyna dekanyň orunbasary baryp, 'polisiýa gelse özüm ýykyldym diýip aýdaý, bolmasa goh galmagal bolar' diýip ýalbardy. Emma polisiýa geldi we owgandygyny bilenden soň, hatda sorag hem bermän, kagyza gol çekdirdi we gitdi” diýip, lebapda bilim alýan owganystanlynyň tanyşy gürrüň berdi.
Çeşmeler adatça ýurduň çäginde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar we raýatlyk statusy bolmadyklar ten şikesini almak bilen hassahana ýüzlenen ýagdaýynda, olaryň polisiýa işgärleri tarapyndan hökman sorag edilýändigini aýdyp, owganystanly studentiň düşen ýagdaýyna polisiýa tarapyndan ýeterlik üns berilmändigine ünsi çekdi.
Azatlyk Radiosy Türkmenabatdaky mugallymçylyk uniwersitetinden we Marydaky energetika institutynyň wekillerinden teswir almaga synanyşýar, telefon arkaly edilen jaňlara jogap bolmady.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda birnäçe daşary ýurduň raýatlary bilim alýar.
Resmi maglumatlaragörä, Türkmenistanyň we Owganystanyň hökümetleriniň arasynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklaryna laýyklykda her ýyl Owganystanyň onlarça raýaty Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk uniwersitetinde dil öwrenmek boýunça okuwa alynýar. Dil kurslaryny tamamlan owgan raýatlary Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna - Nebit-gaz halkara uniwersitetine, Oba hojalyk institutyna, Energetika we mugallymçylyk uniwersitetlerine okuwa alynýar.
Türkmen döwlet mediasyna görä, ýurt ýolbaşçysynyň daşary ýurt raýatlaryny okuwa almak boýunça kararynda olaryň okuwy üçin şert döretmek we muňa gözegçilik etmek tabşyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum