Russiýanyň öňki transport ministri Roman Starowoýtiň jesedi 7-nji iýulda Moskwanyň golaýyndaky Odintsowo şäherinde ýerleşýän şahsy Tesla kysymly ulagynyň içinde, ok ýarasy bilen tapyldy. Bu barada ýurduň Derňew komitetiniň metbugat sekretary Swetlana Petrenko mälim etdi.
“Roman Starowoýtiň ölüminiň sebäpleri anyklanýar. Derňewiň esasy çaklamasy hökmünde öz janyna kast etmek seredilýär” diýip, Petrenko aýtdy.
53 ýaşly Starowoýt şol gün prezident Wladimir Putin tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmezden wezipesinden boşadylypdy. Ol Russiýanyň transport ministri wezipesini bir ýyldan gowrak wagt bäri ýerine ýetirýärdi.
Starowoýtiň wezipesinden boşadylmagynyň yzýany prezident Putin dessine täze ministr belläp, ozal Nowgorod oblastynyň gubernatory wezipesinde işlän transport ministriniň orunbasary Andreý Nikitini wagtlaýyn ministr edip goýdy.
Starowoýt 2024-nji ýylyň maý aýynda transport ministri wezipesine bellenilmezden öň Ukraina bilen serhetleşýän Kurks oblastynyň gubernatory bolupdy.
2024-nji ýylyň awgustynda ukrain güýçleri Kurks welaýatyna çozup, Kremli oňaýsyz ýagdaýa salypdy. Russiýa öz territoriýasyny diňe şu ýylyň ýazynda doly yzyna alyp bildi.
Bu hadysadan soň, serhet sebitleriniň gorag taýýarlyklary barada köp soraglar ýüze çykdy.
Russiýanyň derňew gulluklary soňra döwlet tarapyndan serhet sebitleriniň goragy üçin bölünip berlen serişdeleriň ogurlanandygyny ýüze çykardy. “Kommersant” neşiri Starowoýtiň hem uly möçberli galplyk bilen baglylykda derňew astynda bolandygyny ýazdy.
Şeýle hem Starowoýtiň iki orunbasary tussag edildi. Olaryň biri, Alekseý Smirnow, Starowoýtiň garşysyna görkezme bermäge taýýarlyk görýärdi diýlip habar berilýär.
Starowoýtiň ölen wagty hem-de jesediniň tapylan ýerleri barada dürli çeşmeler dürli maglumatlary berýärler. Derňewçiler onuň ölüminiň sebäpleriniň arasynda gubernator wagty Kurks oblastynda saglyk üpjünçiligi hem-de ulag pudagyndaky reformalaryň şowsuzlyklary bilen baglanyşykly jenaýatlaryň bolup biljekdigini-de göz öňünde tutýarlar.
Häzirlikçe bu aýyplamalar resmi taýdan tassyk edilmedi.
Soňky aýlarda Russiýanyň aeroportlarynda, Ukrainanyň dron hüjümleriniň ýygjamlaşmagy bilen baglylykda, uçuşlaryň köpçülikleýin ýatyrylmagy we gijikdirilmegi dowam edýär.
Ulag ministrligi 6-njy iýulda ýurduň iň uly iki aeroportunyň, şol sanda Moskwanyň Şeremetýewo hem-de Sankt-Peterburgyň Pulkowo aeroportlarynyň şol gün uçuşlaryň ýatyrylmagy sebäpli agşama çenli jemi 400 çemesi uçuşy amala aşyrmandygyny mälim edipdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 7-nji iýula geçilýän gijede jemi 91 sany ukrain dronunyň urlup ýok edilendigini aýtdy.