Ýokary okuw jaýlaryna synaglar entek dowam edýärkä, okuwa giren ýaşlara geljekde geciriljek çärelere gatnaşmaga razylyk barada öňünden dilhaty ýazdyrylýar we olaryň ýurt ýolbaşçylaryna wepaly bolmagy üçin wagyz edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu ýagdaý barada maglumat berýärler.
Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin synagdan geçen we birinji sentýabrdan birinji kursda okuwa başlamaly ýaşlardan olaryň döwlet çärelerine gatnaşmaga razy bolmagy öňünden talap edildi we "meýletin razylygy" barada dilhaty ýazdyryldy diýip, habarçymyz aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenabatda syrkaw studentler aýazly howada çärä çekildiÝokary okuw jaýlaryndaky iş tertibinden habarly çeşmelere görä, birinji sentýabrdan ýokary okuw jaýlarynda okamaly studentleriň gatnaşdyryljak çäreleriniň sanawy häzirden taýýarlanyp, olaryň bir böleginiň 1-nji we 27-nji sentýabr aralygynda geçirilmegi planlaşdyrylýar.
"Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 34-nji ýyl dönümi mynasybetli geçiriljek dabaralar, şol sanda Arkadag şäherindäki Arkadag stadionynda boljak dabaraly ýöriş üçin taýýarlyk maşklary geçiriler. Ýaşlar muny ýerine ýetirmäge we Garaşsyzlyk baýramyna gatnaşmaga borçly edildi" diýip, çeşmeleriň biri 8-nji iýulda gürrüň berdi.
Şeýle-de, çeşmeler mundan başga şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girýän ýaşlaryň arasynda ýurda we prezidente wepalylyk hakynda wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigini aýdýar.
"Talyplara prezidentini we watanyny söýmegiň hökmanydygy aýdylýar we 'prezidentine hem watanyna ikilik etmeklik, watanyň dönügi diýmegi aňladýar' diýip, talyplaryň aňyna guýulýar" diýip, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde işleýän çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň ýene biri ýokary okuw jaýlarynda ýaşlar bilen gürrüňdeşlik geçirýän resmileriň raýatlaryň daşary ýurda işe ýa-da okuwa gitmegini-de, başga ýurtlarda oturym almagyny-da watana dönüklik hökmünde häsiýetlendirendigini aýtdy.
"Watan dönükleri ýurduny terk edip, daşary ýurtlarda sergezdançylyk çekip, watanyny küýsäp, hor-homsy durmuşda ýaşaýarlar we daşary ýurtlarda watansyz gelmişek halda ýaşap, dünýäsini täzeländen soň keseki topraga dullanýarlar" diýip, çeşmeleriň ýene biri şeýle wagyz nesihat eden bilim resmisini sitirledi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň ÝOJ-lary Garaşsyzlyk güni geçiriljek mejbury çärelere taýýarlanýarÝokary okuw jaýlaryna giren ýaşlar bilen geçirilýän wagyz çäreleriniň dowamynda prezidentiň alyp barýan syýasaty mahabat edilýär we ýaşlar üçin 'ýagty gelejek' wada berilýär.
"Türkmenistanyň hormatly prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garaşsyz we baky bitarap eziz watany gülledip, ösdürip, gelejekde biz ýaşlara tabşyrjakdygy propaganda edildi" diýip, söhbetdeşlikleriň birine gatnaşan türkmenistanly gürrüň berdi.
Türkmen ýaşlaryny yzly-yzyna geçirilýän köpçülikleýin çärelere çekmek däbi Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15 ýyllap prezident bolan döwründe ornaşdyrylypdy. Onuň ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine geçmeginden soň hem mejbury çäreçiliktejribesi gowşamady.
Her aýda çäreleriň onlarçasy, ýylyň dowamynda ýüzlerçesi geçirilýär we olara studentlerden başga ilatyň ähli gatlaklary, şol sanda býujet işgärleri, mekdep ýaşyna ýetmedik körpeler we ýaşulular gatnaşdyrylýar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow 'baş çäreçisini' täzeläp, täze iş orunlaryny döretmek meselesine indiki ýyl seretjekdigini aýtdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.